Angliýanyň Premýer-ligasy ýaryşyň oýunlary başlamak we dikeltmek bilen bagly düzgünlerini yzygiderli bozandygy üçin “Mançester Siti” klubuna jerime salynýandygyny habar berdi. APL-iň resmi saýtyndaky beýana görä, geçen möwsümde Hosep Gwardiolanyň topary meýdança dokuz gezek gijä galyp çykdy. Dokuz ýagdaýyň ählisinde-de klubuň oýunçylary oýnuň ikinji ýarymyna çykmakda eglendi. “Mançester Ýunaýted” bilen dekabrdaky duşuşykda topar hatda birinji ýarymyň başyna-da gijä galyp bildi. Netijede kluba 1,08 mln funt sterling (takmynan, 1,26 mln ýewro) möçberde jerime salyndy. APL “Mançester Sitiniň” öz günäsini boýun alandygyny belledi. “Oýna başlamak we oýny dikeltmek bilen bagly düzgünler ýaryşlaryň iň ýokary professional derejede gurnalmagyny üpjün edýär we janköýerlere hem gatnaşyjy klublara ynamy kepillendirýär. Şeýle-de, bu Premýer-liganyň her bir oýnunyň tertip boýunça ýaýlyma berilmegini kepillendirýär” – diýlip, liganyň beýanynda aýdylýar. Belläp geçsek, geçen ýylyň tomsunda klub şeýle düzgün bozmalar üçin sanksiýalara sezewar bolup, jerime töläpdi. Şol wagt onuň mukdary tas iki esse ýokarydy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir