Kia kompaniýasy flagman sedanlarynyň – 2026-njy ýylyň K5 we K8 modelleriniň täzelenen görnüşlerini hödürledi. Awtoulaglaryň ikisi hem täze «Best Selection» atly toplum bilen çykýar. Täze görnüş giňeldilen enjamlary bilen tapawutlanýar. 2026-njy ýylyň K5 modeli indi çaknyşyklaryň öňüni alyş ulgamy, uýgunlaşdyrylýan kruiz-kontrol, LED faralar, proýeksion çyralar, nawigasiýaly multimediýa ulgamy we ergonomikasy gowulaşdyrylan salon bilen enjamlaşdyrylýar. K8 modeli bolsa yzky penjireler üçin goşmaça ses izolýasiýasy, kämilleşdirilen atmosferik yşyklandyryş, ýokary derejeli oturgyçlar, daş töweregi doly görkezýän kameralar, awtomatiki duralga kömekçi ulgamlary we howpsuzlygyň işjeň serişdeler toplumy bilen üpjün edilýär. Kia K5-iň bahasy 27,24 mln wondan (takmynan, 19,8 müň dollardan), K8-iňki bolsa 36,79 mln wondan (takmynan, 26,7 müň dollardan) başlaýar. Bu modeller orta we premium derejeli awtoulag gözleýän müşderiler üçin niýetlenendir. Şeýle hem Kia iýul aýynyň ahyryna çenli awtoulag satyn alan müşderilere arzanladyşlary we hyzmat boýunça aýratyn höweslendirmeleri hödürleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir