Emeli aň tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Midjourney wideo döretmek üçin ilkinji V1 modeliniň işe girizilendigini habar berdi. V1 modeli ulanyjy tarapyndan döredilen ýa-da ýüklenen islendik suraty gysga wideorolige öwürmäge ukyplydyr. Wideolary döretmek we animirlemek häzirki wagtda diňe neýrotoryň tölegli abunaçylaryna niýetlenen web wersiýasynda elýeterlidir. Midjourney-iň V1 modeliniň işe girizilmegi OpenAI kompaniýasynyň Sora, Runway Gen 4, Adobe-niň Firefly we Google-yň Veo 3 ýaly beýleki generatiw emeli aňlaryň arasynda güýçli bäsdeşlik döreder.