Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullady. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu konsern tarapyndan dürli mineral dökünleri öndürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi içerki sarp edijileri oba hojalyk dökünleri bilen doly üpjün etmäge hem-de olary daşary ýurtlara eksport etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir