Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy “Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasyny neşir etdi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň awtorlygynda ýazylan bu gollanmada makalalaryň žanrlar toparlaryna gysgaça düşündiriş, interwýu alnyşy, makalanyň ýazylyşy, žurnalistik tekstiň redaktirlenişi, gazet neşirleriniň žanrlary we başgalar barada maglumatlar berilýär. Gollanmada “Žurnalistika hakynda söz”, “Tejribeli žurnalistlerimizden ýaşlara peýdaly maslahatlar” bölümleri, şeýle-de awtoryň metbugat çykyşlarynyň onlarçasy žanr toparlary boýunça bölünip berilýär. Bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplary, mugallymlary, şeýle hem ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän ýaş žurnalistler üçin peýdaly bolar. Belläp geçsek, köpýyllyk žurnalistik we mugallymçylyk iş tejribesine eýe bolan A.Mämmedow “Žurnalistikanyň döredijilik işiniň esaslary”, “Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti”, “Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti we menejmenti” hem-de “Mahabatyň esaslary” ýaly okuw kitaplarynyň hem awtorydyr.