ABŞ-da geçirilýän Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda “Inter Maýami” Portugaliýanyň “Portu” klubuny 2:1 hasabynda utdy. Bu ýeňiş Lionel Messiniň klubuny FIFA-nyň howandarlygyndaky resmi ýaryşda Ýewropa toparyny utan KONKAKAF-yň (Demirgazyk we Merkezi Amerika futbol konfederasiýasy) ilkinji wekili etdi diýip, Statsdufoot habar berýär. 37 ýaşly argentinaly hüjümçi duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Onuň 54-nji minutda jerime urgusyndan geçiren goly ýeňişli boldy. Bu onuň standart ýagdaýdan eýýäm 68-nji goly. Dürli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, jerimeden geçirilen gollaryň sany boýunça ol diňe Peleden (70) we Žuninýo Pernambukanodan (77) yza galýar. Kriştianu Ronaldu 64 gol bilen sanawda ýedinji orny eýeleýär. Hawýer Maskeranonyň ýolbaşçylygyndaky “Inter Maýami” häzire çenli Klublaýyn dünýä çempionatynyň bir oýnunda hem utulmady. Birinji tapgyrda topar “Al-Ahli” bilen deňme-deň oýnady (0:0). Iki tapgyrdan soň “Inter Maýami” A toparçada ikinji orny eýeleýär. Ol goşmaça görkezijiler boýunça “Palmeýrasdan” yza galýar. Bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk 24-nji iýunda bolar.