Çernyşewskiý adyndaky Saratow milli barlag döwlet uniwersitetiniň (SDU) alymlary beýniniň bardasynda ýerleşýän meningeal limfa damarlarynyň (MLV) ýagtylyk bilen bejerilip bilinjekdigini subut etdiler. Fotostimulýasiýa toksinleriň çykarylyşyny gowulandyrýar we keselleriň ösüşini haýalladýar diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar. Uniwersitetde fototerapiýanyň beýniniň işini dikeltmekde oňyn täsiriniň bardygyny dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň eýýäm ykrar edendigini nygtadylar. Emma ýagtylygyň bedende ulgamlaýyn reaksiýalary nädip herekete getirýändigi, ýady we kognitiw ukyplary nahili ýokarlandyrýandygy öň belli däldi. SDU-nyň maglumatlaryna görä, meningeal limfa damarlary merkezi nerw ulgamynyň immunitetini saklamaga we kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaga kömek edýän suwuklyklar bilen birlikde beýnimizdäki toksinleri aýyrýar. Şeýle hem uniwersitet Alsgeýmeri, Parkinsony, demensiýany we onkologiýany bejermegiň adaty farmakologiki usullarynyň täsiriniň azdygyny mälim etdi. Geljekde farmakologiki däl çemeleşmelere ýüzleniler, şol sanda beýni dokumalarynyň drenažynyň fotostimulýasiýasy ulanylar. Bu barlag Russiýanyň Ylym Gaznasynyň grantynyň goldamagynda geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir