Xiaomi müşderilere ikinji awtomobilini – YU7 modelini hödürlemäge taýýarlanýar. Önümçilik eýýäm başlady we müňlerçe ulag Pekiniň Içžuan sebitindäki Xiaomi-niň zawodynda taýýar dur. Üpjünçilik iýul aýynda başlap biler. YU7 awtomobili SU7 modeli ýaly BMW-niň öňki dizaýneri Týanýuan Liniň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan işlenip taýýarlandy. Awtomobiliň uzynlygy, takmynan, 4,8 metre barabar. Ulag SU7 sedany bilen bir umumy Modena platformasynda gurnaldy hem-de birmeňzeş arhitektura we sanly ulgamlar bilen üpjün edildi. Awtomobil has beýik klirense, giň salona we üçegiň beýikligi netijesinde has rahat yzky hatara eýe boldy. Öňdäki elektrik hereketlendirijisi 145 kWt kuwwaty, yzky – 220 kWt berýär, bu umumylykda 365 kWt (489 at güýji) deňdir. Iň ýokary wersiýa öňde 220 kWt we yzda 285 kWt – umumylykda 508 kWt (681 at güýji) kuwwatly hereketlendiriji bilen üpjün edildi. YU7 elektromobili BYD we CATL kompaniýalarynyň litiý-ion akkumulýatorlary bilen enjamlaşdyryldy. Mediaulgam Xiaomi-den HyperOS operasion ulgamynda we Snapdragon 8295 prosessorynda işleýär. Maglumat-dynç alyş ulgamynyň merkezi sensor ekranynyň diagonaly 16,1 dýuýma barabar. Sürüjä kömek ulgamy üçin Nvidia Drive Orin çibi ulanylýar, Xiaomi Pilot Pro ulgamy bolsa L2+ derejeli funksiýany üpjün edýär. Awtomobil töwerekleýin syn ediş kameralary, lidar we ultrases datçikleri bilen enjamlaşdyryldy. YU7-niň SU7-den arzan bolmagyna garaşylýar we ol Tesla Model Y bilen bäsleşip biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir