18-nji iýunda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew Rumyniýanyň «Chimcomplex» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ştefan Wuza bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda senagat hem-de maýa goýum ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Rumyn kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirip, himiýa senagatynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň Buharestdäki diplomatik wekilhanasy habar berdi. Taraplar, esasan hem, maýa goýumlary çekmek, öňdebaryjy tehnologiýalar we senagat ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşygyň dowamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin durnukly platformany döretmek baradaky ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, «Chimcomplex» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Türkmenistanyň ilçihanasynda geçirilen bu duşuşyk taraplaryň ikitaraplaýyn we halkara derejedäki öňki gepleşikleriniň dowamydyr. Munuň özi Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça özara gyzyklanmanyň ýokarydygyny görkezýär.