Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministrligi Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr gatnawlary babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny habar berdi. Orient agentliginiň habar bermegine görä, 18-nji iýunda Kabul şäherinde Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mawlawi Hamidulla Ahundzada Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşyk geçirdi. Ministriň bellemegine görä, häzirki ýagdaý taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Owganystanyň ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýanatda taraplaryň özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, haryt daşalyşynyň möçberleriniň artdyrylmagy hem-de owgan sürüjileri üçin wiza proseduralarynyň ýeňilleşdirilmegi boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşandygy nygtalýar. Ilçi H.Öwezowyň bellemegine görä, Aşgabat Owganystan bilen dürli ugurlar, hususan-da ulag-üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Owganystanyň Radio Television of Afghanistan mediasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda Kabul bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklary öňküden tapawutly derejede ösdürilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir