Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF-2025) çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilişiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Rustam Minnihanow türkmen-russiýa gatnaşyklaryna berýän ünsi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Ol iki ýurduň taryhy hem-de dostluk gatnaşyklarynyň berkdigini we söwda-ykdysady gatnaşyklarda oňyn depginiň bardygyny nygtady. Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda «KAMAZ», Kazan dikuçarlyk zawody, Maksim Gorkiý adyndaky Zelenodolsk gämi gurluşyk zawody, «KER-Holding» we «Eýdos» ýaly iri tatar kärhanalary üstünlikli işleýärler. 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 39 million dollardan geçdi. Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy nebit gözlegleri, gaz daşamak, awtoulag, uçar we gämi gurluşygy, şeýle hem himiýa önümleriniň iberilişi ýaly ugurlarda işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir