Ispaniýanyň Ekologiýa we demografiýa ministrligi 28-nji aprelde tutuş Ispaniýany we goňşy Portugaliýany elektrik energiýasyz galdyran sebit derejesindäki blekauty (köpçülikleýin tok öçmek) derňemegiň netijelerini hödürledi. Hasabata görä, energiýa üpjünçiligi ulgamyndaky bökdençligiň birnäçe sebäbi bardy. Kiberhüjüm mümkinçiligi aradan aýryldy. Ministr Sara Aagesen toguň öçmeginiň sebäpleriniň tehniki we guramaçylykly ýalňyşlyklaryň bolandygyny aýtdy. Wakadan birnäçe gün öň elektrik ulgamynda uly bolmadyk naprýaženiýa böküşi bolup geçdi. 28-nji aprelde irden ol güýçlendi. Aýratynam, bäş sekuntyň içindäki güýçli üýtgemeler ulgamyň deňagramlylygyny bozdy. Red Electrica operatory tarapyndan görlen çäreler netijesiz boldy. Şeýlelikde, ulgama agram düşüp, awtomatik ýagdaýda toguň gelmegi kesildi. “Bularyň ählisi 12 sekuntda bolup geçdi we naprýaženiýa üýtgemesiniň uly bölegi ilkinji 5 sekuntda boldy” – diýip, ministr belledi. Bu wakanyň netijesinde Ispaniýa 15 GWt elektrik energiýasyny ýitirdi – bu umumy möçberiň, takmynan, 60%-ine deňdir. Portugaliýa hem çyrasyz galdy. Çünki, onuň elektrik ulgamy hem Ispaniýanyňky bilen baglanyşyklydy. Elektrik üpjünçiligini 29-njy aprelde irdene çenli dikeltmek başartdy. Ispan KHBS-niň maglumatlaryna görä, elektrik energiýasynyň öçmegi netijesinde azyndan bäş adam heläk boldy. Derňewleriň netijesinde geljekde şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin birnäçe çäreler teklip edildi.