MAN kompaniýasy Mýunhen şäherindäki (Germaniýa) zawodynda elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi. Indi elektrik we dizelli modeller bir hatarda ýygnalýar, bu bazardaky islege görä çeýeligi üpjün edýär. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 1000-den gowrak eTruck öndürmek meýilleşdirilýär. Bu taslama, takmynan, 400 million ýewro maýa goýuldy. eTGX, eTGS we eTGL atly elektrikli modeller 534 kWt-sagada çenli sygymly alty batareýa bilen enjamlaşdyrylýar we gaýtadan zarýad berilmezden 500 km aralygy geçip bilýär. Aralyk zarýad bilen geçilýän ýoly 850 km ýetirip bolýar. Önümçilik hatary günde 100 ulag öndürmäge mümkinçilik berýär. Elektrikli çekişe geçmek üçin, MAN 5000-den gowrak işgärini gaýtadan taýýarlady. Şeýle-de 2030-njy ýyla çenli beýleki zawodlaryny hem elektrikleşdirmek üçin, ýene 1 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär. Elektrik ýük ulaglaryny dürli maksatlar üçin ulanyp bolýar, olar şol sanda awtoulag logistikasyna hem laýyk bolup, ramanyň beýikliginiň peseldilen wersiýasy hem öndürilýär.