Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda iki sany täze rekord goýdy. Arap ýaryşa gatnaşyjysy Ramez Azzam Abu-Dabidäki “Ýas Marina” ýoly boýunça aýlawy 2 minut 7,2 sekuntda geçdi. Bu “Formula-1-iň” Gran-prisiniň geçirilýän awtodromynda köpçülikleýin elektromobiller üçin täze rekord boldy. Ýene bir rekord amerikaly Patrik Long tarapyndan goýuldy. Ol “Roud Atlanta” ýolunda köpçülikleýin elektromobil üçin iň gowy wagty görkezdi – 1 minut 27,1 sekunt. Ozal Taycan Turbo GT Braziliýadaky “Interlagos” awtodromynda, Şanhaýdaky Halkara awtodromynda we ABŞ-daky “Laguna Seka” ýolunda hem iň gowy wagty görkezipdi. Taycan Turbo GT modeli Porsche-niň iň kuwwatly köpçülikleýin awtomobilidir. Onuň iň ýokary kuwwaty 760 kWt (1030 at güýji) barabar. Elektromobil 100 km/sag çenli tizligini 2,3 sekuntda artdyrýar, iň ýokary tizlik bolsa 305 km/sag ýetýär. Ulagyň bir zarýadda geçýän menzili 444 kilometre barabar. Birnäçe gün öň Xiaomi kompaniýasy hem Nýurburgring ýolunda köpçülikleýin elektromobil üçin täze aýlaw rekordyny goýandygyny habar berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir