ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygy instituty (IIHS) 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingini hödürledi. Iň ýokary Top Safety Pick we Top Safety Pick+ bahalaryny diňe iki awtomobil aldy. Bu Toyota Tundra-nyň Crew Cab wersiýasy we Rivian R1T elektrik pikapy boldy. Modelleriň ikisi-de kraş synaglarynda gowy netijeleri, pyýadalaryň gowy goragyny we howpsuzlyk ulgamlarynyň ygtybarly işleýşini görkezdi. Şeýle-de, sanawa Toyota Tacoma, Ford F-150, Hyundai Santa Cruz, Honda Ridgeline, Ram 1500, Nissan Frontier, Ford Maverick we Jeep Gladiator girdi. Bu ulaglarda käbir kemçilikler bar. Esasy bellikler yzky ýolagçylaryň goragynyň gowşaklygy, köne platformalar we faralaryň ýagtylygynyň pesligi (gije howpsuzlygy peseldýär) bilen baglanyşykly boldy. Aýratynam, Ford F-150 gapdal urgusynda yzky ýolagçyny goramakda ýaramaz netije görkezdi. Jeep Gladiator bolsa hiç hili kämilleşdirmesiz 2023-nji ýyldaky derejäni berdi. Oňyn mysallaryň arasynda ýokary hilli faralary bolan Hyundai Santa Cruz we ABŞ-da mehaniki hereket gutuly ýeke-täk pikap bolup galan Toyota Tacoma bar. Netijeler awtomobil saýlananda diňe bir tehniki aýratynlyklary we dizaýny däl, eýsem sürüjiniň, ýolagçylaryň we pyýadalaryň gorag derejesini-de göz öňünde tutmalydygyny görkezýär.