TrendForce analitikleri 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Samsung kompaniýasynyň 64 mln smartfon çykarandygyny habar berdi – bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21% köpdür. Bu hem kompaniýa smartfon öndürijileriniň arasynda öňdebaryjy orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Iň uly bäş brendden diňe Samsung ösüş görkezdi. Galanlarynda önümçilik göwrüminiň peselendigi hasaba alyndy. Apple 48 mln smartfon öndürdi – bu bir ýyl ozalkydan 40% az. Xiaomi önümçiligi 7%, 42 mln birlige çenli azaltdy. Oppo we Vivo kompaniýalarynda pese gaçyş, degişlilikde, 26% we 16% boldy. Analitikler Samsung-yň önümçiliginiň ýokarlanmagynyň iki sebäbini belleýär. Birinjiden, kompaniýa islegleri kanagatlandyryp bilmek üçin satuwyň başynda Galaxy S25 flagmanlarynyň ýeterlik mukdaryny üpjün etmäge çalyşdy. Ikinjiden, 2025-nji ýylyň başynda täze eplenýän modelleriň – Galaxy Z Fold7, Galaxy Z Flip7 we Galaxy Z Flip7 FE smartfonlarynyň önümçiligi başlandy. Bu hem umumy ösüşe ýardam etdi. Mundan başga-da, Samsung Donald Trampyň täze gümrük paçlary güýje girýänçä ABŞ-a mümkin boldugyndan köp smartfon getirmek üçin önümçiligi we üpjünçiligi çaltlaşdyrdy.