Kopengagen 2025-nji ýylda dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Reýting Britaniýanyň Economist Intelligence Unit (EIU) analitiki merkezi tarapyndan düzüldi diýip, The Economist habar berýär. Daniýanyň paýtagty durnuklylyk, bilim we infrastruktura kategoriýalarynda iň ýokary bahalara eýe boldy. Geçen üç ýylda sanawda birinji orny Wena (Awstriýanyň paýtagty) eýeläpdi. Indi ol Sýurih (Şweýsariýa) bilen ikinji orny paýlaşýar. Şeýle-de, ilkinji onluga Melburn (Awstraliýa), Ženewa (Şweýsariýa), Sidneý (Awstraliýa), Osaka (Ýaponiýa), Oklend (Täze Zelandiýa), Adelaida (Awstraliýa) we Wankuwer (Kanada) girdi. Reýting 173 şäheri öz içine alýar we saglygy goraýyş, bilim, infrastruktura, daşky gurşaw we durnuklylyk ýaly ölçegleriň esasynda düzülýär. Wenanyň bahasynyň durnuklylyk kategoriýasynda peselmegi 2024-nji ýylda bolup geçen wakalar bilen baglanyşykly boldy. Hususan-da, şäher Awstriýanyň paýtagtynda geçirilen Teýlor Swiftiň konsertinde partlama howpunyň bolup bilmegi sebäpli utuk ýitirdi. Bu sanawda soňky orunlary eýeleýän şäherler üýtgemedi diýen ýaly. Iň soňky orny häzirem Damask eýeleýär. Şeýle-de, reýtingi Dakka, Tripoli, Karaçi we Alžir jemleýär.