Leýden uniwersitetinden taryhçy Şteffi wan Gompel tarapyndan geçirilen barlag gadymy Müsürde erk-ygtyýaryň we emlägiň uly ogla miras geçendigini, maşgala ulgamynyň bolsa patriarhal we tire esaslydygyny tassyklady. Liberal maşgala kanuny we müsürli aýallar üçin deň hukuklar baradaky teoriýalar gadymy grek taryhçylaryna degişli stereotip bolup çykdy. Däp boýunça erk-ygtyýar we emläk maşgaladaky iň uly erkek kişä - köplenç beýleki çagalara garşy goýulýan birinji ogla miras galypdyr. Nika şertnamalary mysaly bir zat bolan çeşmeleriň derňewi hemme zady öz ýerinde goýmaga kömek etdi. Wan Gompel nikalaşýan baý adamlaryň arasyndaky şeýle şertnamalaryň taraplara umumy hojalyga goşan goşantlaryny hasaba almaga we aýrylyşan halatlarynda emlägi düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýändigini anyklady. Müsürli aýal-gyzlara emläk edinmäge rugsat berilse-de, bu olaryň doly garaşsyzdygyny aňlatmaýardy. Maşgala ulgamy ata tarapa esaslanýar. Çagalaryň köpüsi ene-atasynyň öýünden çykyp gidýärler, ýöne uly ogly öz maşgalasy bilen galyp, hojalygy ýöretmegi dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, köplenç azyndan üç nesil bir ojagyň başynda galýardy. Uly oglunyň erk-ygtyýary uly bolupdyr. Birinji derejeli garyndaşlaryň erkekleri çagalaryň nikalaryna we emlägine gözegçilik edýärdiler. Bilelikde gazanylan zatlaryň ählisi uly erkek kişiniň gözegçiliginde maşgala emlägi bolup galýardy. "Müsürde ogullar gyzlara garşy däl-de, uly ogul beýleki çagalara garşy goýulýardy. Bu erkekleriň özlerini artykmaç duýmak häsiýetiniň ösmegine kän mümkinçilik bermeýärdi. Şeýlelik bilen, Gadymy Müsürde aýallara arkaýyn hereket we gözegçilik etmek üçin birneme giňişlik berýärdi. Emma şol döwürde erkekleriň we aýallaryň deňligi barada gürrüň hem bolup biljek däldi" – diýip, Şteffi wan Gompel belledi.