Maserati we Alfa Romeo kompaniýalarynyň baş direktory Santo Fiçili awstraliýaly we aziýaly žurnalistlere beren beýanatynda, Stellantis-iň täze ýolbaşçysynyň öňünde düýpli üýtgeşmeler boýunça meýilnamasynyň bardygyny aýtdy. Ýokary derejeli menejer resmi beýanatyň 23-nji iýunda beriljekdigini belläp geçdi, ýöne käbir maglumatlary öňünden paýlaşdy. Hususan-da, Alfa Romeo bilen Maserati brendleriniň özara birleşdiriljekdigini aýtdy diýip, «Drive» habar berýär. «Biz mümkin boldugyça özümize peýda getirjek täsirleri gözläris. Elbetde, täze önümleri [bilelikde] işläp düzmäge taýyn. Bu biziň taýýarlan [halas ediş] meýilnamamyzyň esasy sütünleriniň biri. Häzir öňümizde iş köp. Biz [guramalaýyn gurluşy hem-de] diler toruny täzeden ýola goýmaly bolarys» — diýip, Santo Fiçili aýtdy. Kompaniýalary üýtgedip gurmak zerur, sebäbi geçen ýyl Maserati-niň satuwy iki esse azaldy, Alfa Romeo bolsa ýyly, takmynan, 20 göterim ýitgi bilen tamamlady. Şeýle-de talap boýunça iň gowy döwürler indi yzda galdy: Alfa Romeo häzirki wagtda 2018-nji ýyldaky bilen deňeşdireniňde iki esse az awtoulag satýar. ABŞ-nyň Prezidenti Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlary sebäpli, italýan kompaniýalaryň ýagdaýy hasam erbet: Maserati-niň satuwynyň, takmynan, 30 göterimi, Alfa Romeo-nyň bolsa satuwynyň 15 göterimi ABŞ-nyň bazaryna düşýärdi. Şeýle-de bolsa, Stellantis golçur brendlerini «abraýy» sebäpli satmak islemeýär. Emma konserniň täze ýolbaşçysy Antonio Filosa öňki ýolbaşçynyň meýilnamasyna täzeden seredibem biler.