Qatar Airways World Airline Awards-yň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň sanawynda dokuzynjy gezek öňdeligi eýeledi. Baýrak gowşurylyş dabarasy Halkara awiakosmos sergisiniň çäginde Parižde geçirildi. Ýyllyk sanaw 1999-njy ýyldan bäri Britaniýanyň Skytrax konsalting kompaniýasy tarapyndan neşir edilýär. Singapore Airlines şu ýyl ikinji ornuny saklady. Şeýle hem iň gowularyň onlugyna Cathay Pacific, Emirates, ANA All Nippon Airways, Turkish Airlines, Korean Air, Air France, Japan Airlines we Hainan Airlines girýär. Skytrax-iň sanawy ýolagçylaryň synlaryna esaslanýar. Iň soňky pikirsoraşmanyň çäklerinde dürli ýurtlardan bolan, takmynan, 22,3 million adam 325-den gowrak awiakompaniýanyň hyzmatlarynyň hili barada öz pikirini aýtdy. Şeýle hem, Singapore Airlines-iň ekipažy iň oňat ekipaž diýip yglan edildi. Turkish Airlines “Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy”, EVA Air bolsa “Iň arassa awiakompaniýa” diýlip saýlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir