Hytaý «Mençžou» («Arzuw gaýygy») atly täze nesil uçarmanly kosmos gämisinde synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Nol beýiklikde geçirilen synag uçuşy geljekki Aý missiýasyna taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy diýip, «South China Morning Post» habar berýär. Synag uçuşy Szýusýuan kosmodromynda geçirildi. Gäminiň gaýdyp gelýän kapsulaly birleşik ulgamy gaty ýangyçly hereketlendiriji arkaly asmana galdy. Uçuşdan 20 sekunt geçensoň, enjam bellenen beýiklige ýetdi. Soňra kapsula gämiden aýryldy we paraşýut ulgamynyň kömegi bilen bellenen zolaga düşdi. Synag uçuşy gäminiň esasy komponentleriniň, şol sanda uçuryş, aýrylyş we gonuş mehanizmleriniň doly we dogry işleýändigini tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir