OpenAI ChatGPT Search gözleg ulgamyny kämilleşdirdi. Täze wersiýasyna surat gözlegini goşdy, kontekste düşünmegi gowulandyrdy we gaýtalanýan jogaplary azaltmak üçin dowamly söhbetdeşligi ýatda saklamagyny gowulandyrdy. ChatGPT Search GPT-4o neýromodeli esasynda işleýär. Ulgam indi dürli saýtlardan maglumatlary jemlemek we çeşmelere baglanyşyk bermek arkaly çylşyrymly sowallara has takyk we doly jogap berýär. Bu ChatGPT Search-i Google ýaly däp bolan gözleg ulgamyna alternatiwa edýär. "Biz ähli ulanyjylary has doly we degişli jogaplar bilen üpjün etmek üçin ChatGPT Search-i täzeledik. Bu tebigy dil interfeýsiniň artykmaçlyklaryny sport netijeleri, paýnama kotirowkalary we başgalar baradaky iň täze maglumatlaryň gymmatlygy bilen birleşdirýär" – diýip, OpenAI-yň wekilleri bellediler . Täze aýratynlyklaryň arasynda şu aşakdakylar bar: has manyly jogaplar; dowamly söhbetdeşlikleri has gowy ýatda saklamak; çylşyrymly soraglar boýunça multigözleg; surat boýunça gözlemek üçin goldaw. Şol bir wagtyň özünde, OpenAI neýrogözleýjiniň henizem ýalňyşlyk goýberip biljekdigini, şonuň üçin möhüm maglumatlaryň iki gezek barlanmalydygyny nygtaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir