Volvo kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen XC40 krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi. Awtoulag bäş sany toplumda hödürlenýär, olaryň hemmesi «ýumşak» gibrid ulgam bolan 48-woltlyk goşundyly 2,0 litrlik turbohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. «ITHome» portalynyň maglumatlaryna görä, täze modeliň bahasy 269800-den 354800 ýuana çenli (takmynan, 37,6-49,5 müň dollar) aralykda üýtgeýär. Ulagyň daşky keşbi häzirki modeliň esasy aýratynlyklaryny saklap galýar, ýöne täze görnüşli 18, 19 we 20 dýuýmlyk diskleri bilen üpjün edilýär. 2025-nji ýylyň modeli diňe 19 we 20 dýuýmlyk diskler bilen hödürlenýärdi. Standart toplumda lýukly panoramaly üçek, ümre garşy we ýakyn yşygy awtomatiki çalşyrýan LED faralar bar. Salonynda 9 dýuýmlyk merkezi displeý we 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar paneli ýerleşýär. Esasy toplumda ikinji derejeli sürüji kömek ulgamlary bar. Ýokary derejeli toplumlar bolsa howanyň hiline gözegçilik ulgamy, ionizasiýa funksiýaly iki zonaly klimat-kontrol, Harman Kardon ses ulgamy, smartfon üçin simsiz zarýad beriji hem-de daşky aýnalaryň awtomatiki garalmasy funksiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Awtoulagyň ölçegleri – 4440 × 1863 × 1657 mm, teker bazasy – 2702 mm. B3 wersiýasy 163 at güýjüni we 265 Nm torky üpjün edýär, B4 wersiýasy bolsa 197 at güýjüni we 300 Nm tork berýär. Ulaglar 7 basgançakly, çygly tipli goşa ssepleniýeli robotlaşdyrylan karobka bilen üpjün edilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir