9 — 11-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berlişine görä, foruma Bolgariýa, Slowakiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Azerbaýjan ýaly birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, şeýle hem birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de ýokary derejeli myhmanlaryň arasynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Prezidenti Odil Reno-Basso we Täze ösüş bankynyň Prezidenti Dilma Rusef bar. Forumyň çäklerinde guralan Özbegistanyň senagat we maýa goýum mümkinçilikleriniň birinji milli sergisi aýratyn ünsi çekdi. Sergide nebit-himiýa, maşyn senagaty, gurluşyk, önümi gaýtadan işlemek we beýleki pudaklarda işleýän 90-dan gowrak ýerli kompaniýalaryň alyp barýan işleri görkezildi. Sergi maýa goýujylara durmuşa geçirmäge taýýarlanan taslamalar we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berýär. N.Atagulyýew öz çykyşynda, Daşkent halkara maýa goýum forumynyň Özbegistanda iş alyp barmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, logistika ulgamyny ösdürmek, işewür we döwlet toparlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we Merkezi Aziýa bazarlaryna çykmak üçin möhüm platforma hökmünde hyzmat edýändigini belledi. Ozal habar berşimiz ýaly, Daşkent halkara maýa goýum forumynyň maksatnamasynyň çäginde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewi kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny Prezident Şawkat Mirziýoýewa ýetirdi. Türkmen-özbek dostluk, goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşit Hojaýew bilen hem duşuşyk geçirdi.