11-nji iýunda Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, we­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de gal­la ora­gy­nyň dep­gi­ni bi­len ta­nyş­dy hem-de et­ra­byň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gin­de bug­daý ora­gy­na ak pa­ta ber­di. Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­nde gal­la­çy kä­ren­de­çi­ daý­han eke­ran­çy­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi ug­run­da amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni, döw­le­ti­mi­ziň bug­daý­dan we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl al­mak ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni nyg­tap, Pre­zi­den­ti Serdar Berdimuhamedowdan bug­daý ha­sy­ly­ny or­ma­ga ak pa­ta ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­ gal­la kom­baýn­la­ry­nyň işi­ni syn­la­ýan pur­sat­la­ryn­da ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň kes­git­le­nen möh­let­ler­de ýyg­na­lyp alyn­ma­gy ba­bat­da wi­se-prem­ýer T.Ata­hal­ly­ýe­we bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­r üçin dün­ýä meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry­nyň we gu­ral­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ýan­dy­gy­ny bel­läp, döwlet Baştutany oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň örän ne­ti­je­li ula­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­ ýur­du­my­zyň ak ekin meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, bug­daý ora­gy­nyň dep­gin­le­ri we ha­syl­ly­ly­gyň de­re­je­si bi­len gy­zyk­lan­dy. Serdar Berdimuhamedow oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň, şol san­da ele­wa­tor­la­ryň, gaý­ta­dan iş­le­ýän dü­züm­le­riň, suw ho­ja­lyk top­lum­la­ry­nyň ne­ti­je­li işi­niň ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Şol bir wag­tyň özün­de gal­la ora­gy­nyň ýo­ka­ry hil­li, öz wag­tyn­da ta­mam­lan­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­ tab­şy­ry­lan ha­syl üçin daý­han­lar bi­len ha­sap­la­şy­gy öz wag­tyn­da ge­çir­mek ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Şu möw­süm­de ekin meý­dan­la­ry­na bug­da­ýyň bol ha­syl ber­ýän “Ar­ka­dag”, “Ser­dar”, “Py­ra­gy” ýa­ly tä­ze gör­nüş­le­ri ekil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bug­da­ýyň tä­ze gör­nüş­le­ri ýo­ka­ry ha­syl­ly­ly­gy, dä­ne­le­ri­niň iri­li­gi we köp suw ta­lap et­me­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Soň­ra Serdar Berdimuhamedow bu ýer­de gu­ra­lan gök-bak­ja we mi­we önüm­le­ri­niň, dä­ne­li ekin­le­riň gör­nüş­le­ri­niň, çö­rek we çö­rek önüm­le­ri­niň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy. Şeýle hem döwlet Baştutany bu ýer­de pu­da­ga tä­ze ge­lip gow­şan hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry­ny syn­la­dy. Serdar Berdimuhamedow Ak bug­daý et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si I.Ak­my­ra­dowyň alyp bar­ýan işi, maş­ga­la ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­la­nyp, onuň kä­ren­de ýe­rin­de ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň de­re­je­si­ne üns ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­ kä­ren­de­çi­niň alan ýe­ri­niň ululygy, ha­syl­ly­ly­gyň de­re­je­si we kä­ren­de­çi­li­gi ne­ti­je­li alyp bar­mak ug­run­da dö­re­dil­ýän şert­ler bi­len gy­zyk­la­nyp, döw­le­ti­mi­ziň daý­han­la­ryň yh­las­ly zäh­me­ti­niň ýe­ri­ne düş­me­gi, oba ho­ja­lyk­çy­la­ryň iş we dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da et­jek­di­gi­ni bel­le­di. Kä­ren­de­çi dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de tu­tan­ýer­li zäh­met çek­mek üçin äh­li şert­le­riň üp­jün edil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ol 2010-njy ýyl­dan bä­ri maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len kä­ren­dä alan ýe­rin­de bug­daý we go­wa­ça ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le hem ol özü­niň 62 gek­tar kä­ren­de ýe­ri­niň bar­dy­gy­ny, 2025-nji ýy­lyň ha­sy­ly üçin 42 gek­ta­ra bug­daý, 20 gek­ta­ra bol­sa go­wa­ça eken­di­gi­ni, bug­daý meý­da­ny­nyň her gek­ta­ryn­dan 40 sent­ne­re go­laý ha­sy­la ga­raş­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Serdar Berdimuhamedow bu ýer­de yh­las­ly zäh­me­ti bi­len sa­ha­wat­ly top­rak­dan bol ha­syl ön­dür­ýän kä­ren­de­çä öz sow­gat­la­ry­ny gow­şur­dy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir