11-nji iýunda Türkmenistanyň Da­şo­guz we Bal­kan we­la­ýat­la­ry­nyň bug­daý meý­dan­la­ryn­da orak möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­di. Da­şo­guz hem-de Bal­kan we­la­ýat­la­ryn­da ora­gyň baş­lan­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da we­la­ýat we et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, tej­ri­be­li ag­ro­nom­la­ryň, me­ha­ni­za­tor­la­ryň, kä­ren­de­çi gal­la­çy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da önüm­çi­lik-okuw mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Ola­ryň gün ter­ti­bi­ne orak möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, oňa gat­naş­ýan äh­li teh­ni­ka­la­ryň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mek me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. 2025-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň gal­la­çy daý­han­la­ry­nyň 690 müň gek­tar ýer­den azyk­lyk bug­da­ýyň 1 mil­lion 400 müň ton­na­sy­ny ýyg­nap al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. De­mir­ga­zyk se­bi­tiň eke­ran­çy­la­ry­nyň öňün­de 145 müň gek­tar bug­daý eki­len meý­dan­dan 265 müň ton­na ha­syl al­mak we­zi­pe­si goý­lan­dyr. Gün­ba­tar se­bi­tiň gal­la­çy­la­ry ba­ra­da aý­dy­lan­da, ola­ryň döw­let öňün­dä­ki borç­na­ma­sy 50 müň gek­tar ýer­den 80 müň ton­na bug­daý ha­sy­ly­ny al­ma­ga deň­dir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir