BMW 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap 2026-njy ýylyň model hataryndaky awtoulaglarynyň hemmesiniň diýen ýaly bahasyny galdyrar. Muňa diňe käbir modeller degişli bolmaz diýip, awtoulag öndürijisiniň dilerler üçin içerki habaryna salgylanýan CarsDirect habar berýär. Ortaça bahanyň ýokarlanmagy, modeline baglylykda takmynan 1,9% ýa-da 1100 dollardan 2500 dollar aralygynda bolar. Mysal üçin, flagman X5 M krossoweriniň bahasy 2500 dollar ýokarlanar, ýagny 127 200 dollardan 129 700 dollara çenli bolar. BMW 4 Series Coupe we Z4 ýaly has elýeter modelleriň bahasy 1100 dollar galar. Bahalaryň gymmatlamagy diňe 2026-njy ýylda öndürilen awtoulaglara degişli bolar. 2025-nji ýylda öndürilen, ammarlarda duran modelleriň bahasy öňküligine galar. BMW i5 we iX elektrik awtoulaglary, şeýle hem M2 kupesi we Alpina XB7 gymmatlamaz. Kompaniýa bahalara täzeden garalmagynyň täze import ýygymlary bilen däl-de, hümmetsizlenme we adaty enjam giňeltmeleri bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi. Şeýle-de bolsa, seljerijiler bu karara ABŞ-nyň gümrük syýasatynyň üýtgemeginiň hem täsir edip biljekdigini çaklaýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir