Bütindünýä banky halkara garyplyk çäginiň adam başyna günde 2,15 dollardan 3 dollara çenli ýokarlandyrylandygyny habar berdi. Bu barada guramanyň habarynda aýdylýar. Geçenki çäk 2017-nji ýylda ýurtlaryň satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (purchasing power parity, PPP) baradaky maglumatlaryň esasynda hasaplanypdy. PPP dürli ýurtlarda ýaşaýyş bahasyny deňeşdirmäge mümkinçilik berýär: ýerli bahalary göz öňünde tutup, dürli ýurtlarda şol bir pul mukdaryna näçe haryt we hyzmat satyn alyp bolýar. Şeýlelikde, PPP dürli ýurtlarda garyplygyň derejesine has takyk baha bermek üçin walýutalary deňeşdirip boljak bir umumy birlige geçirmäge mümkinçilik berýär. Indi günde 3 dollardan az mukdara ýaşaýan islendik adam aşa garyplykdaky adam diýlip hasaplanar. Halkara garyplyk çägi dünýä bahalarynyň üýtgemegini göz öňünde tutumak üçin yzygiderli täzelenýär. Soňky gezek oňa 2022-nji ýylda seredildi, şonda baha derejesi 2011-nji ýyldaky PPP-den 2017-nji ýyldaky PPP-e üýtgedildi. Şol wagt aşa garyplyk şertlerinde 838 mln töweregi adam ýaşaýardy.