“Mançester Siti” dört sany täze oýunçy – goragçy Raýan Ait-Nuri, ýarymgoragçylar Tijani Reýnders we Raýan Şerki hem-de derwezeban Markus Bettinelli bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň 26 ýaşly oýunçysy Reýnders topara soňky iki möwsümde oýnan “Milan” klubundan geçdi. Geçen möwsümde ol Seriýa A-nyň iň gowy ýarymgoragçysy diýlip ykrar edildi. Transfermarkt-yň maglumatlaryna görä, transferiň bahasy 57 mln ýewro boldy, şeýle-de 15 mln ýewro çenli bonus göz öňünde tutuldy. Alžirli Ait-Nuri ozal “Wulwerhemptonda” çykyş edýärdi. Onuň “möjekler” bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi. Transfer “Sitä” 40 mln ýewro düşdi. 21 ýaşly Şerki “Mançester Sitä” “Lion” fransuz klubundan geçdi. Ol ýerde esasy topar üçin 2020-nji ýyldan bäri çykyş edipdi. Şertnamanyň bahasy 40 mln ýewro boldy, ýöne Transfermarkt portaly onuň bazar bahasyny 45 mln ýewro diýip hasaplaýar. KHBS-iň maglumatlaryna görä, “ManSitiniň” üç futbolçy bilen hem şertnamasy 2030-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. 33 ýaşly derwezeban Markus Bettinelli “Çelsiden” satyn alyndy. Onuň “Siti” bilen şertnamasy bir ýyl hereket edýär. Transfermarkt onuň bahasyny 600 müň ýewro diýip hasaplaýar. Täze oýunçylaryň ählisi Klublaýyn dünýä çempionaty üçin oýunçylaryň sanawyna goşular. Şol bir wagtyň özünde, Fabrisio Romano “Mançester Sitiniň” öňki ýarymgoragçysy Kewin De Brýoýneniň Italiýanyň “Napoli” klubuna geçendigini habar berdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 33 ýaşly belgiýaly oýunçy bilen şertnama iki ýyla niýetlendi. KHBS onuň klubda ýylda 5 mln ýewro aljakdygyny ýazýar.