Täze Zelandiýadan Meýnard Uilýams 78 ýyl 135 gün ýaşynda plankada 30 minutdan gowrak wagt saklanyp, täze rekord goýdy. Ol bu maşky ýerine ýetiren iň garry erkek adam boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Uilýams köpden bäri işjeň durmuş ýörelgesine eýerip, uzak aralyklara ylgaýan bolsa-da, planka bilen bir ýyl ozal meşgullanyp başlady. Bu fitnes-merkezindäki sport bäsleşigine gatnaşandan soň bolup geçdi. Şondan bäri bu maşky yzygiderli türgenleşigine goşdy. “Uzak aralyklara ylgawçy hökmünde men psihiki we fiziki kynçylyklara öwrenişdim. Bu psihologiki durnuklylygyň bähbidine işläp, biziň hakyky mümkinçiliklerimizi görkezýär, ol bolsa köpleriň pikir edişinden has uludyr” – diýip, Uilýams belledi. Ol ylymda iş tejribesiniň bardygyny we türgenleşiklere guramaçylykly hem meýilnama boýunça çemeleşýändigini belledi. Uilýams iýmitine, uky režimine seredýär we aşa agram düşmezligi üçin akylly sagatlaryň maglumatlaryny seljerýär. Ol rekorda taýýarlananda aýnalaryň we wideo ýazgylarynyň kömegi bilen ýerine ýetiriş tehnikasyna gözegçilik etdi. Maşky ýerine ýetiren wagty bolsa, oňaýsyzlykdan ünsüni sowmak üçin aýdym diňledi.