Apple-iň WWDC 2025 konferensiýasyndaky tanyşdyrylyşy 92 minut dowam etdi – bu soňky on ýylda iň gysga tanyşdyrylyş diýlip, kompaniýanyň resmi YouTube kanalynda habar berilýär. 2015-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda tanyşdyrylyşyň dowamlylygy 140 – 145 minut boldy. 2020-nji ýyldan başlap, Apple onlaýn görnüşe geçenden soň, onuň dowamlylygy gysgalyp başlady. Geçen ýyllar ol 107 – 126 minut boldy, ortaça görkeziji – 120 minut. 2025-nji ýyldaky taýming bolsa on ýylyň dowamynda iň azy boldy. Tanyşdyrylyşyň çäklerinde kompaniýa ähli esasy platformalar üçin täzelenme hödürledi: iOS, iPadOS, macOS, watchOS, tvOS we visionOS. Wagtyň köp bölegi – 38 minut töweregi iOS-a gönükdirildi. tvOS täzelenmesi 5 minutdan az wagt aldy. Şeýle-de, Apple operasion ulgamlaryň wersiýalarynyň işjeň ulanylyş ýylyna laýyklykda bir umumy belgilenmä geçýändigini habar berdi. 2025-nji ýylda ähli platformalar 26 belgili wersiýany aldy. Şeýle-de, kompaniýa interfeýsiň täze dizaýnyny hödürledi – Liquid Glass (“suwuk aýna”). Ol ähli ulgamlar üçin birmeňzeş bolar. Esasy üns emeli aň funksiýalaryna gönükdirildi. Ulanyjylar we işläp düzüjiler üçin täze mümkinçilikleri açýan Vision Intelligence tehnologiýasyna aýratyn üns berildi.