11-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň jemi 5 döwletinden jemi 11 sany, sanly ulgam arkaly 20 sany dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň belli alymlary, kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Gruziýa, Ukraina, Türkiýe, Germaniýa, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Fransiýa, Awstriýa, Özbegistan, Koreýa, Hindistan, Pakistan, Braziliýa we beýlekiler bar. Maslahatyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, durnukly ösüşi üpjün etmekde parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi. Maslahat bilen utgaşyklylykda uniwersitetiň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan eden innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna saýlanan ylmy taslamalar sergide aýratyn orna eýe boldy. Bu bäsleşige gatnaşýan talyplaryň, ýaş ylmy işgärleriň we mugallymlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň hem bolmagy örän buýsandyryjydyr. Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna 150-den gowrak taslama işi gatnaşdy. Daşary ýurtly myhmanlar hem-de maslahata gatnaşyjylar şeýle hem “Bilimler dünýäsi we kibersport toplumy” bilen tanyşdylar.