Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň oýun remeýki dünýä boýunça kassa ýygymynda 772,5 million dollar toplady. Film 2025-nji ýylda girdejisi 1 milliard dollardan geçen ilkinji film bolup biler. Demirgazyk Amerikada film 335,8 million dollar, halkara bazarlarynda bolsa 436,8 million dollar girdeji gazandy. Şol bir wagtyň özünde, filmiň önümçilik býujetiniň bary-ýogy 100 million dollar bolandygyny bellemelidiris. Sýužet Gawaýlarda ýaşaýan bir gyzjagaz we onuň gaýry planetaly jandar bilen dostlugy baradaky hekaýata esaslanýar. Remeýkiň režissýory Din Fleýşer-Kemp (“Marsel, aýakgapdaky balykgulak” (“Марсель, ракушка в ботинках”)). Filmde keşpleri Kris Sanders (Stiç), Maýa Kealoha (Lilo), Sidni Agudong (Nani), Zak Galifianakis, Billi Magnussen, Kortni B. Wens we başgalar ýerine ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir