Alymlar dünýäde iň seýrek we syrly göwherleriň biri, agramy 2,33 karat bolan Uinston Red göwheriniň ilkinji barlagyny geçirdiler. Bu iş Gems & Gemology žurnalynda çap edildi diýip, IFLScience habar berýär. Uinston Red göwheri özboluşly gyzyl reňki bilen tapawutlanýar. Hünärmenler ony bahasyna ýetip bolmajak diýip atlandyrsalar-da, onuň bazar bahasy 2,6 million dollar diýlip çaklanylýar. Aslynda, Gyzyl göwheriň 1 million dollardan arzan bolýan wagty seýrek. Bu göwher Waşingtondaky Smitson milli tebigatyň taryhy muzeýine zergär Garri Uinstonyň ogly Ronald Uinston tarapyndan sowgat berildi. Uinston Red-iň gyraňlanylyşy onuň XX asyryň birinji ýarymynda döredilendigini görkezýär. 1938-nji ýylda zergär Žak Kartýeniň ony Nawanagar hindi knýazlygynyň hökümdaryna satandygy mälimdir. 1988-nji ýylda Uinston daşy hökümdaryň oglundan satyn alýar. Göwheri 1988-nji ýylda Tokioda görkezmek meýilleşdirilipdi, ýöne ony halka ilkinji gezek bir ýyl geçensoň görkezdiler. Alymlar Uinston Red-iň optiki aýratynlyklaryny öwrendiler we ony beýleki seýrek daşlar bilen deňeşdirdiler. Ahyrda-da, onuň özboluşly gyzyl reňki Ýeriň mantiýasyndaky ýokary basyş astynda göwheriň kristal gözeneginiň deformasiýasy sebäpli emele gelipdir diýen netijä geldiler. Göwheriň Wenesuelada ýa-da Braziliýada gazylyp alnandygy çak edilýär, ýöne onuň gelip çykyşy henizem nämälimligine galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir