Günorta Koreýanyň Samsung Electronics tehnologiýa ägirdi Сolor E-Paper sanly mahabat tagtasynyň global satuwyna başlady. Enjam reňkli elektron syýa tehnologiýasynyň esasynda gurlan we hemişelik energiýa çeşmesi bolmazdan şekilleri görkezmäge ukyply. Сolor E-Paper — 2560 × 1440 piksel durulykda we 16:9 gatnaşygynda işleýän 32 dýuýmlyk ekran. Onuň galyňlygy 8,6 mm, agramy bolsa 2,5 kg. Ekran hereketsiz şekili görkezýärkä tok sarp etmeýär. Energiýa diňe şekili üýtgetmek üçin zerurdyr. Içine kiçijik aýrylýan batareýa oturdylýar, bu surat täzelenende ulanylýar. Şondan soň konstruksiýanyň agramyny azaltmak üçin ony aýyrsaň hem bolýar. Enjam diwara gurnalyp, potolokdan asylyp ýa-da podstawka bilen polda oturdylyp bilner. Ony, mysal üçin, stol hökmünde dik gurnamak hem mümkin. Сolor E-Paper USB-C porty bilen enjamlaşdyrylan, 8 Gb ýady bar, Wi-Fi-y we Bluetooth-y goldaýar. Enjam Samsung VXT programmasy arkaly dolandyrylýar (Android 10 we ondan ýokary, iOS 15 we ondan ýokary goldaýar). Satuwy 8-nji iýunda başlandy. Model b2b işewürlik modeline görä paýlanýar.