Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky halkara howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy. Beta Technologies tarapyndan işlenip düzülen Alia CX300 dört ýolagçyny we piloty getirdi. Uçuş 45 minut dowam etdi diýip, Reuters habar berýär. Uçaryň dik uçmak we gonmak mümkinçiligi ýok. Ol uçuş-gonuş zolagyny adaty uçarlar ýaly ulanýar. Ýöne bu uçuşy aýratynlaşdyrýan zat onuň batareýanyň güýji bilen amala aşyrylmagydyr. "Dürli şertlerde birnäçe ýyllap pugta howpsuzlyk synaglaryndan geçirilenden soň, howa menziliniň wekilleri we Nýu-Ýorkuň häkimi bilen bu ýerde durup, uçaryň dykynlary kemeltmek, zyňyndylary azaltmak we elýeterliligi ýokarlandyrmak bilen şäherlere nähili hyzmat edip biljekdigini görkezýändigimize buýsanýarys" - diýip, Beta Technologies-iň baş direktory we esaslandyryjysy Kaýl Klark mälim etdi. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa gullugy (FAA) howa taksileriniň uçarmanlaryny taýýarlamak we sertifikat bermek üçin düzgünleriň doly toplumyny tassyklady. Gulluk şeýle apparatlary ygtybarly ornaşdyrmak üçin taýýarlanan resminamalary “hysyrdyly işiň soňky bölegi” diýip atlandyrdy. Şol aýda Beta Technologies 318 million dollar serişde toplady. Ýygnalan maýanyň umumy mukdary 1 milliard dollardan geçdi. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ilkinji doly elektrikli uçar asmana göterildi. Alia CX300 modeli - bu Alia-250c apparatynyň dik uçuş hereketlendirijisiz görnüşidir.