Beýik Britaniýada iňlis suratkeşi Uilýam Terneriň 150 ýyl bäri hiç hili maglumat bolmadyk suraty tapyldy. Bu tapyndy barada Sotheby’s auksion öýüne salgylanyp, BBC News we The Guardian habar berýär. Ýagly reňk bilen çekilen surat “Göterilýäm harasat” (The Rising Squall) diýlip atlandyrylýar. Onda tupanly peýzažda Bristoldaky Hot-Uells gyzgyn çeşmesi şekillendirilen. Bu Terneriň iň irki eserleriniň biri bolup, ony suratkeş 1792-nji ýylda 17 ýaşynda çekipdir. Bir ýyldan soň surat ilkinji gezek Patyşalyk akademiýasynda görkezildi. Suratyň ykbaly barada 1858-nji ýyldan, ýagny soňky gezek Awstraliýada görkezilenden bäri hiç hili maglumat ýokdy. Uzak wagtlap, 2024-nji ýylda dikeldiş işleri wagtynda suratda suratkeşiň goly tapylýança, ony Terneriň çekendigini hiç kim bilmedi. Ozal hünärmenler Terneriň ýagly reňk bilen çeken iň irki eseri diýip “Deňizdäki balykçy” suratyny hasaplaýardy. Surat 28-nji iýundan 1-nji iýul aralygynda Londondaky Sotheby’s öýünde görkeziler, soňra auksionda satylar. Onuň çen-takmyn bahasy 300 müň funt sterlinge (405 müň dollar) barabar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir