Alymlar Aýda platina toparyna degişli metallaryň bardygy barada çaklama öňe sürdüler. Ol gorlaryň umumy agramy 30 müň tonna, bahasy 1 trillion amerikan dollaryna deň bolup biler. «Planetary and Space Science» žurnaly alymlar metal bolan 6500 krateri öwrendiler diýip ýazýar. Gelnen netijelere laýyklykda, olarda düzüminde platina, palladiý, rodiý we beýleki gymmatly magdanlar bolan meteoritleriň yzy saklanyp galypdyr. Bu asman daşlarynyň Aýa pes tizlikde düşmegi metallaryň bir böleginiň saklanyp galmagyna getiripdir. Ylmy-barlaglaryň awtorlary Aýda gymmatly magdanlary almagyň asteoridlerdäkiden has ýeňil boljakdygyny belleýärler. Aýa çenli aralyk az, dartyş güýji bolsa durnukly tutumlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Emma hukuk meseleleri aýdyň däl, 1967-nji ýylda kabul edilen Älem barada ylalaşyk kosmos obýektlerine eýelik etmegi gadagan edýär, emma hususy gazyp almagyň düzgünlerini kesgitlemeýär diýip, «news.mail.ru» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir