Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hünärli inženerleri taýýarlamakda innowasion tehnologiýalaryň orny» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra 8 sany bölümçelerde dowam etdirdi. Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan pugtalandyrylýandygyny, talyplaryň multimediýa tehnologiýalary, döwrebap kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda bilim alýandyklaryny we sanly bilim ulgamynyň okuw işlerine ornaşdyrmak barada işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigini aýratyn belläp geçdiler. Ylmy-amaly maslahat işjeň ýagdaýda geçip, çykyş edenler bilen diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar boldy.