5-nji iýunda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata tebigaty goramak boýunça düzümleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşikleriniň, iri halkara hem-de sebitleýin guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekiliýetiniň INTPA taslamasynyň utgaşdyryjysy Borislow Dimitrow biodürlüligi gorap saklamakdan we tokaý zolaklaryny döretmekden başlap, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga we suw serişdelerini aýawly peýdalanmaga çenli howa hem-de daşky gurşaw bilen bagly meseleleri çözmäge ýurdumyzyň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ÝB-niň degişli ugurlardaky tagallalary goldamaga taýýardygy nygtaldy. Soňra maslahat ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen üç bölümde öz işini dowam etdi. «Daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary» atly bölüm tebigaty goramak ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Halkara Migrasiýa Guramasynyň (IOM) ýurdumyzda durmuşa geçirýän taslamalary bilen baglanyşykly meseleleri öz içine aldy. «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ekologiýanyň orny» atly bölümiň gün tertibi suwaryşyň innowasion usulyndan peýdalanylanda ekologik täsirleri öwrenmegiň meselelerini, ýurdumyzyň biodürlüliginiň baýlaşmagynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ähmiýetini öz içine aldy. Şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigi barada durlup geçildi. «Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri» atly bölümde degişli sebitde biologik dürlüligi gorap saklamakda döwlet tebigy goraghanalaryň alyp barýan işleri, galofit ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň şorlaşan topraklary özleşdirmekde ulanylyşy ýaly ugurlar giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda bu sebitde soňky ýyllarda tebigy heläkçilikler bilen göreşmek üçin taýýarlanylan taslamalarda ylmy usulyýetler bilen bir hatarda, ýokary tehnologiýalaryň döwrebap toplumynyň işläp düzülişiniň hem ilerledilýändigini bellediler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.