ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp polada we alýumine salynýan gümrük paçlaryny 25%-den 50%-e çenli ýokarlandyrmak barada permana gol çekdi. Ol bu karary ýurduň milli howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy bilen düşündirdi. Onuň sözlerine görä, ABŞ-nyň bu materiallaryň importyna bolan garaşlylygy milli howpsuzlyga howp salýar. Ýokarlandyrylan nyrhlar çarşenbe gününden güýje girdi. «Men polada we alýumine salnan ozalky nyrhlary ýokarlandyrmagyň zerurdygyna karar berdim. Şunda polat, alýumin we olardan taýýarlanylýan önümleriň importyny şeýle tertibe salmaly, ol ýurduň howpsuzlygyna howp salmaz ýaly bolmaly» — diýip, Ak tamyň resmi web sahypasynda çap edilen permanda aýdylýar. Tramp täze gümrük paçlarynyň beýleki ýurtlaryň bazardaky bahany aşaklatmak arkaly bäsdeşligi bozmagynyň (dempingiň) öňüni almaga hem-de amerikan öndürijileriniň ýagdaýyny berkitmäge kömek etmelidigini belläp geçdi. Täze nyrhlar diňe çig mala däl-de, eýsem, polat bilen alýuminden taýýarlanýan önümlere-de degişli bolar. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa bu düzgünlerden daşda galar. Munuň sebäbi, maý aýynda ABŞ bilen Beýik Britaniýanyň arasynda baglaşylan söwda ylalaşygydyr. Ylalaşyga laýyklykda, britan poladyna we alýuminine salynýan nyrhlar öňküsi ýaly 25% derejesinde galar. Gümrük paçlarynyň ýokarlanmagy amerikaly kärhanalaryň çykdajylarynyň artmagyna getirip biler diýlip garaşylýar, sebäbi daşary ýurtlardan getirilýän materiallar has gymmada düşer. Gysga wagtda bu ýagdaý daşary ýurt üpjünçiligine garaşly kompaniýalaryň işini kynlaşdyryp biler, sebäbi içerki önümçiligi güýçlendirmek wagty hem maýa goýumlary talap edýär.