Volkswagen kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwer Blýume konserniň ABŞ-a uly möçberde maýa goýjakdygyny mälim etdi. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu ädim bilen Prezident Donald Trampyň martda awtoulaglara girizilen 25 göterimlik gümrük paçlaryna täzeden seretmegine garaşýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň hökümeti bilen şeýle gepleşikleri «Mercedes-Benz» bilen «BMW-niň» wekilleri hem alyp barýar. Blýume ABŞ-nyň söwda ministri Goward Lýutnik bilen nyrhlary we maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. Gepleşikleriň mazmuny taraplaryň özara ylalaşygy sebäpli, aýan edilmedi, ýöne «Volkswagen-iň» ýolbaşçysy bu meseläniň Ak tamyň ýolbaşçysyna ýetjekdigine umyt bildirýär. Kompaniýa «Scout» brendiniň ösdürilmegine we «Rivian» amerikan kompaniýasy bilen bilelikdäki taslamasyna maýa goýmaga dowam etmegi meýilleşdirýär. Önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly jikme-jiklikler entek mälim edilmedi. Käbir maglumatlara görä, «Volkswagen» Meksikada ýygnalýan käbir modelleriň önümçiligini ABŞ-daky zawodlara geçirip biler. Hususan-da, bu ýagdaý «Tiguan» krossowerine degişli bolup biler. Mart aýynda güýje giren, ABŞ-da ýygnalmadyk awtoulaglara salnan 25 göterimlik gümrük paçlary dünýäniň iri awtoulag öndürijilerini amerikan bazaryndaky strategiýalaryny täzeden gözden geçirmäge mejbur etdi. Mysal üçin, «Nissan» hem Meksikadaky önümçiligi ABŞ-a geçirmek mümkinçiliklerine seredýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir