Pininfarina kompaniýasy Battista giperkarynyň önümçiligini çäkli nusgada çykarylan Novantacinque wersiýasy bilen soňlaýar. Kompaniýanyň 95 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen wersiýa öndürilen 150 sany Battista-nyň iň soňkusy bolar. Battista Novantacinque jemi 1900 at güýjüni öndürýän we 2340 Nm torky üpjün edýän dört elektrohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Giperkar 0-dan 100 km/sag tizlige bary-ýogy 1,86 sekuntda, 200 km/sag-e bolsa 4,75 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi bolsa, 350 km/sag bilen çäklendirilen. Ulagyň kuzowy «Tinted Rosso Gloss» atly ýörite gyzyl reňkli karbon materialdan ýasalan we altyn bezegler bilen tapawutlanýar. Salonynda deri we Alcantara ulanylypdyr, olaryň hem üstünde altyn nagyşlar hem-de «95» belgili logotip bar. Anodirlenen alýumin bölekleri bu wersiýanyň özboluşlylygyny we ýokary hil derejesini görkezýär. Novantacinque – Battista modeliniň soňky tapgyry bolup, tehniki güýji we dizaýn ussatlygyny özünde jemleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir