Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) «Barselona» maliýe fair play düzgünlerini gaýtadan bozandygy üçin berk çäre görüp biler. «Barselona», «Çelsi» we «Aston Willa» bilen baglanyşykly kararlaryň iýun aýynda mälim edilmegine garaşylýar diýip, «The Times» habar berýär. Geçen möwsümde «Barselona» maliýe hasabatlaryny nädogry görkezendigi üçin, 500 müň ýewro jerime salnypdy. Indi bolsa klubuň ýaryşa gatnaşýan düzümine çäklendirme girizilmegi ýa-da utuklardan mahrum edilmegi mümkin. Angliýanyň klublary UEFA tarapyndan ilkinji gezek gözegçilige alynýar we ähtimal diňe jerime bilen gutularlar. Emma «Barselona» öňem düzgün-nyzam derňewi bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. UEFA muňa ýagdaýy agyrlaşdyryjy faktor hökmünde garap biler. «Barselona» ozal media hukuklarynyň 25%-ini «Sixth Street» maýa goýum gaznasyna 600 million ýewro, şeýle hem «Barca Studios-yň» paýnamalarynyň bir bölegini bolsa 200 million ýewro satypdy. Bu geleşikler UEFA-da maddy däl aktiwler bilen meşgullanmakda manipulýasiýa şübhesini döretdi. 2025-nji ýylyň başynda «Barselona» ýene-de bir geleşik baglaşdy – «Kamp Nou» stadionyndaky 475 VIP orny 30 ýyllyk şertnama esasynda, Kataryň we Saud Arabystanynyň «Forta Advisors» hem-de «New Era Visionary Group» kompaniýalaryna satdy. Emma bu orunlar henizem ýok – stadion täzeden gurulýar we onuň güýzde açylmagyna garaşylýar. «The Times» neşiriniň maglumatlaryna görä, UEFA bu ýagdaýlary maliýe düzgünleriniň bozulmasy hökmünde görýär. Sport arbitraž kazyýeti «Barselona» geçen möwsümde apellýasiýa bilen ýüz tutanda, indiki jezanyň «has berk» bolmalydygyny belläpdi. Şol bir wagtyň özünde «El Chiringuito» neşiri bolsa, «Barselonanyň» bu töwekgelçiliklerden habarlydygyny we UEFA-ny klubuň strategiýasyny guramanyň talaplaryna laýyklykda düzedendigine ynandyrmaga synanyşýandygyny, şeýlelikde, diňe jerime bilen gutulmaga umyt bildirýändigini ýazýar.