Eminemiň (hakyky ady – Marşall Brýus Meters III) irki aýdymlarynyň hukuklaryna eýe bolan «Eight Mile Style» neşirýat kompaniýasy «Meta» kompaniýasyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Facebook, Instagram we WhatsApp-yň enelik kompaniýasy amerikan reperiň aýdymlaryny rugsatsyz ulanmakda aýyplanýar diýip, «TheWrap» habar berýär. Şikaýatda aýdylmagyna görä, Instagram ulanyjylary Eminemiň aýdymlaryny wideolaryna awtorlygyny görkezmezden «original ses» hökmünde goşýarlar, şeýle-de «Reels Remix» we «Original Audio» ýaly mümkinçilikler arkaly şol aýdymlaryň esasynda täzeden işlenip düzülen wideolar döredilýär. Netijede, bu aýdymlar millionlarça wideoda peýdalanylyp, milliardlarça gezek diňlenipdir. Şikaýatçy kompaniýanyň bellemegine görä, Meta-nyň ulgamy bu aýdymlaryň ulanylyşyny ýüze çykaryp bilenok we degişli roýaltileri tölänok. Öňki duýduryşlardan soň käbir aýdymlar pozulan hem bolsa, «Eight Mile Style» «Meta-nyň» häzirem rugsatsyz göçürilen aýdymlary saklaýandygyny we ulanmaga dowam edýändigini öňe sürýär. Resminamalarda bellenmegine görä, Meta bu aýdymlaryň hukuklaryny almak üçin sanly roýaltileri ýygnamaga niýetlenen «Audiam, Inc.» platformasy bilen işleşmäge synanyşypdyr. Emma «Eight Mile Style» öz adyndan «Audiam-a» şeýle ygtyýarlygyň berilmändigini aýdýar. Kompaniýa her aýdym üçin 150 müň dollara çenli öwez tölegini (kompensasiýa) talap edýär. Jemi 243 aýdym üçin talap edilýän pul mukdary – 109 million dollar. Resminamada Eminemiň «Lose Yourself» ýaly aýdymlarynyň dünýäde iň gymmatly döredijilik işleriniň biri hasaplanýandygy we kompaniýanyň bu kult statusly aýdymlara aýratyn sarpa goýýandygy nygtalýar. «CBS News-iň» bellemegine görä, Eminemiň özi bu kazyýet işine gönüden-göni gatnaşmaýar. Şikaýat edijiler işe eminler toparynyň hem garamagyny talap etdiler. Şu habar çap edilýänçä, Mark Sukerbergiň wekillerinden hiç hili düşündiriş alyp bolmady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir