Hytaýyň BYD elektomobil öndürijisi diňe iki hepdäniň dowamynda, öz başladan baha urşy sebäpli, bazardaky umumy gymmatyndan 20 mlrd dollar ýitirdi diýip, «Bloomberg» habar berýär. Maýadarlar kompaniýanyň 2025-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan 5,5 mln awtoulag satmak maksadyna ýetip bilmezliginden howatyrlanýarlar. Hytaýyň ykdysadyýetiniň haýallaýandygy sebäpli, BYD-niň täze çykaran modelleri alyjylarda uly gyzyklanma döredip bilmedi. Şol bir wagtyň özünde, «Xpeng» we «Leapmotor» ýaly bäsdeş kompaniýalar bolsa bazardaky paýlaryny artdyrýarlar, şeýle-de olaryň paýnamalarynyň bahasy hem ýokarlanýar. BYD-niň Gonkong biržasyndaky paýnamalarynyň bahasy soňky ýokary derejesinden 13% pese gaçdy. Bazar kompaniýanyň girdejisiniň azalýandygyna alada bildirýär. Kompaniýanyň paýnamalary indi öňküsi ýaly özüne çekiji däl, olary «gysga satmak» islegi soňky üç aýyň iň ýokary derejesine ýetdi. «Agressiw baha höweslendirmeleri indi satuwlaryň ýokarlanmagyny kepillendirmeýär, esasanam kämilleşen we bäsdeşligi güýçli elektromobil bazarynda» — diýip, «Solomons Group-yň» maýa goýum direktory Endi Wong belleýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, geçen hepde BYD bilen birlikde iri awtoulag öndürijileri Hytaýyň degişli ministrligine çagyrylypdyr. Hökümet bazardaky ýagdaýdan aladalanýandygyny aýdyp, öndürijilere awtoulaglary öz bahasyndan pes ýa-da aşa uly arzanladyş bilen satmagyň gadagandygyny ýatladypdyr. Anna güni BYD-niň paýnamalary ýene 2,7% aşaklady. Maý aýyna çenli kompaniýa ýyllyk satuw meýilnamasynyň diňe 32%-ini ýerine ýetirdi. «God’s Eye» sürüji kömek ulgamy mugt hödürlense-de, ýagdaý gowulaşmady. Bu aralykda «Xpeng», «Leapmotor» we «Geely» ýaly kompaniýalar has özüne çekiji aýratynlyklar we amatly bahalar bilen müşderileriň islegini artdyrmagy başardylar.