Stiwen Kingiň adybir romany esasynda surata düşürilen «Institut» serialy 13-nji iýulda «MGM+» striming hyzmatynda görkeziler. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Taslama sekiz bölümden ybarat. Serialyň režissýory Jek Bender, ssenarisini bolsa Benjamin Kawell ýazdy. Wakalaryň merkezinde zehinli ýetginjek Lýuk Ellis ýerleşýär. Ony ogurlap, aýratyn ukyby bolan çagalaryň zor bilen saklanýan ýapyk edarasy bolan Instituta ýerleşdirýärler. Lýuk niredeligine düşünmäge synanyşýan mahaly, golaýdaky şäherçede öňki polisiýa işgäri Tim Jeýmison peýda bolýar. Ol bu ýere täze durmuşa başlamak üçin gelen bolsa-da, gysga wagtda onuň ýoly Lýugyň ykbaly bilen gabatlaşýar. Lýugyň keşbini Jo Friman ýerine ýetirdi. Timiň keşbini bolsa «Dorian Greýiň portreti» filmi bilen meşhur bolan Ben Barns ýerine ýetirdi. Taslamanyň prodýuserleri Jek Bender, Benjamin Kawell, Geri Barber, Sem Şeridan, Ed Redlih hem-de Stiwen Kingiň özi boldy. Serialyň önümçiligini «Amazon MGM Studios» alyp barýar. «Institut» romany 2019-njy ýylda çykdy. Onuň ekranlaşdyryljakdygy barada 2024-nji ýylda mälim edilipdi.