Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynyň ýarym finalynda Germaniýanyň toparyny utdy. Duşuşyk Mýunhende geçirildi we portugaliýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde gollary Fransişku Konseýsau we Kriştianu Ronaldu geçirdi. Garşydaş topardan Florian Wirs tapawutlandy. 40 ýaşly Ronaldu milli ýygyndy üçin gol boýunça özüne degişli dünýä rekordyny 137 topa ýetirdi. Finalda Roberto Martinesiň topary Ispaniýa – Fransiýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar. Bu duşuşyk anna gününe geçilýän gije bolar. Milletler ligasy 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär. Ilkinji möwsümde ýaryşda Portugaliýanyň ýygyndysy ýeňiji bolupdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir