«FromSoftware» studiýasy tarapyndan işlenip düzülen «Elden Ring Nightreign» kooperatiw ekşen-oýny 4 günde 3,5 million nusgada satyldy. Bu barada oýnuň işläp düzüjileri habar berdi. Bu san diňe sanly görnüşdäki satuwlary däl, eýsem fiziki göterijileriň üpjünçiligini hem öz içine alýar. Studiýanyň bellemegine görä, disk görnüşindäki wersiýalaryň paýy azalsa-da, käbir oýunçylar henizem oýunlary gutuda satyn alýarlar. «Elden Ring Nightreign» — bu «Dark Souls» oýunlaryna meňzeş, üç adamlyk kooperatiw taslamasydyr. Oýny tamamlamak üçin iki hyzmatdaş tapmak bir hyzmatdaş tapmakdan has kyndygy sebäpli, geljekde işläp düzüjiler iki adamlyk duet görnüşinde oýnamak mümkinçiligini goşmagy meýilleşdirýärler. Mundan başga-da, oýnuň ilkinji goşmaça mazmun toplumy (DLC) boýunça işleriň eýýämden alnyp barylýandygy bellenip geçildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir