Kosta-Rikanyň we günbatar Panamanyň daglarynda orhideýanyň üç sany täze görnüşi tapyldy. Olar Talamanka gerşiniň sowuk we çygly ýerlerinde deňiz derejesinden 1400-2550 metre çenli beýiklikde ösýär diýip, Phys.org ýazýar. Ösümligiň näbelli görnüşleri Pleurothallis matrisilvae, Pleurothallis pridgeoniana we Pleurothallis winkeliana diýlip atlandyryldy. Bu orhideýalaryň özboluşly aýratynlygy: seýrek duş gelýän jynssyz köpelmek (proliferasiýa) ukyby bar. Munda ösümlikler gönüden-göni gül açýan baldaklaryndan kiçijik şineleri emele getirýärler. Bu olara tohum emele getirmezden we wegetatiw görnüşde ýaýramaga mümkinçilik berýär. Bu usul, esasanam, daglyk sebitlere mahsus bolan tozanladyjylaryň ýetmezçilik edýän şertlerinde has netijeli. Täze görnüşler diňe şol sebite mahsusdyr. Olar uzyn hatarlary ýa-da gür şahalary emele getirmek ukyby bilen tapawutlanýar. Şu alamatlar alymlara görnüşiň beýleki wekillerine daşyndan meňzeşdigine garamazdan, aýratyn görnüşler hökmünde tapawutlandyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagta çenli Pleurothallis toparynyň 1700 töweregi orhideýa görnüşi belli, olaryň üçden bir bölegi diňe Kosta-Rikada ösýär. Alymlar geljekde täze açyşlaryň bolup biljekdigine ynanýarlar. Talamanka gerşi ýokary derejeli biodürlüligi bolan möhüm sebit bolmagynda galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir